Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, türkmen telekeçileri Kabulda geçirilýän Ymam Abu Hanifanyň II milli we halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşýarlar.
Owganystanyň Söwda we maýa goýum edarasy tarapyndan guralan Ymam Abu Hanifanyň mobatdaky milli we halkara sergisi 2023-nji ýylyň 16 — 23-nji iýuly aralygynda dowam eder.
Sergi owgan önümlerini tanyşdyrmak, maýadarlary goldamak, milli we halkara işewürleriň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen geçirilýär. Sergide oba hojalygy, gurluşyk, hünärmentçilik we derman senagatynyň önümleri, lukmançylyk enjamlary, şeýle-de beýleki milli önümler görkezilýär.
Sergide Türkmenistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Pakistandan we beýleki birnäçe ýurtdan baran telekeçileriň önümleri hem görkezilýär. Bu serginiň açylyş dabarasynda Owganystanyň Premýer-ministriniň ykdysady meseleleri boýunça orunbasary Molla Abdul Gani Baradar Ahund çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýurduň senagat we oba hojalyk önümlerini tanyşdyrmakda şeýle sergileriň ähmiýetine ünsi çekdi.
Onuň sözlerine görä, Owganystanyň senagat we oba hojalyk önümlerini tanyşdyrmak üçin ýurduň içinde we daşary ýurtlarda birnäçe sergiler öz işine başlady.
Bu serginiň şu wagta çenli Owganystanda guralan sergileriň iň ulusydygyny belläp geçmek gerek. Sergide 600-den gowrak dürli senagat we oba hojalyk önümleri görkezilýär.