Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Toplumda ýylyň başyndan bäri taýýarlan buýan köki 1 müň 146, buýan ekstrakty bolsa 549 tonna ýetdi. Şeýlelikde, buýan köküni taýýarlamakda 3 million manada golaý, ekstrakt önümçiliginde umumy bahasy 6 million manada deň bolan iş ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Toplumdan berlen maglumata görä, ýylyň geçen döwründe buýan köküniň 3 müň 327 tonnasy, ekstraktyň bolsa 613 tonnasy eksport edilipdir. Jeýhunyň goşa kenarynda buýan köküni ýygnamak işi ýörite toparlarda alnyp barylýar. Iş möwsümi her ýylyň mart aýynyň başyndan noýabryň ahyryna çenli dowam edýär. Bu işe 300-e golaý adam gatnaşýar.
Derýanyň kenary bilen döwlet gaçysynyň arasyndaky oba hojalyk ekinleriniň ekilmeýän jeňňelliginden sürlen şüdügärden her bir işçi aýda ortaça 20 — 30 tonna golaý buýan köküni ýygnaýar.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenabat şäherinde arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kuwwatly kärhananyň gurluşygy hem dowam edýär.

