Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bosch» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory hojalyk tehnikalaryny amatly bahalardan hödürleýär

22:0013.07.2023
0
45617

«Tehnika dünýäsi» kompaniýasy Germaniýanyň «Bosch» hojalyk tehnikalar brendiniň Türkmenistandaky resmi distribýutory boldy.

Häzirki wagtda «Bosch» diňe bir Germaniýada däl-de, eýsem bütin Ýewropada öňdebaryjy hojalyk tehnika markalarynyň biridir. Bu kompaniýanyň önümleri özüniň ýokary hilliligi, ygtybarlylygy hem-de uzak möhlete hyzmat edýänligi bilen tapawutlanýar. «Bosch» kompaniýasynyň zawodlary Ýewropada, Aziýada, şeýle-de ABŞ-da hem hereket edýär.

«Bosch» şeýle-de öndürýän önümlerini kämilleşdirmäge we öý işlerini mümkin boldugyndan aňsatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen döwrebap ýörelgeleri durmuşa geçirýär. Muňa mobil enjam arkaly öý tehnikalaryny uzak aralykdan dolandyryp bilýän «Home Connect» ulgamyny ýa-da bakteriýalary ýok etmek bilen pes temperaturada hem netijeli ýuwmaga mümkinçilik berýän «ActiveOxygen» tehnologiýasyny mysal getirmek bolar. Mundan başga-da, «Bosch» hojalyk tehnikalary öz pudagynda iň köp energiýa tygşytlaýan tehnikalaryň hataryna girýär.

Aşgabat şäherinde «Bosch» hojalyk tehnikalaryny «Elektronika dünýäsi» hem-de «Berkarar» SDAM-da ýerleşýän «Samsung» dükanlaryndan hem-de Elektronika.tm saýtyndan satyn alyp bolýar. «Bosch» Harytlaryň ähli görnüşlerine dükanlar tarapyndan resmi kepillik berilýär.

Habarlaşmak üçin:

  • «Elektronika dünýäsi» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 60) 14 22 53, (+993 60) 14 22 55 (hyzmat ediş merkezi);
  • «Samsung» dükany «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýär. Telefon belgisi: (+993 60) 14 22 52;
  • Elektronika.tm onlaýn dükany: (+993 60) 14 22 51.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň