Türkmenistanly toparlar Kazanda başlanan “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşynyň 13-nji goýberilişine gatnaşýarlar.
Ýaryşyň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, bu ýaryşda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan Merdan Toýlyýew, Şöhrat Toýlyýew, Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazmedow, Begenç Annaýew, Muhammetmyrat Gurbanow (“Nissan Patrol”), Süleýman Annamämmedow, Parahat Garlyýew (Toýota LC 200) dagy çykyş edýär.
Ýaryşyň ugry Russiýanyň 13 sebitiniň üstünden geçýär. Bäsleşigiň esasy baýragy bolan “Ak peleň” ugrundaky göreşe gatnaşýanlar jemi 5241 kilometr aralygy geçmeli bolarlar, onuň 2300 kilometri ýokary tizlik ýollarydyr.
“Ýaryş oňa gatnaşýanlaryň ömürboýy ýadynda galar ýaly etmek üçin, elde barymyzy gaýgyrmadyk. Köp sanly adaty däl çözgütler bolar” diýip, “Ýüpek ýoly” ýaryşynyň ýolbaşçysy, “Ralli Dakar” ýaryşynyň ýedi gezek ýeňijisi Wladimir Çagin aýtdy.
Ýewraziýada iň uly ýaryşlaryň biri bolan bu rallä Russiýanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Serbiýanyň, Ysraýylyň, Kipriň, Albaniýanyň, Latwiýanyň, Litwanyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, başga-da käbir ýurtlaryň toparlary-da gatnaşýarlar.
Türgenler ýaryşy Moskwa Kremliniň diwarlarynyň eteginde ýerleşýän Wasilýewskiý spuskynda tamamlarlar.
“Ýüpek ýoly” halkara ýaryşynyň on üçünji tapgyry Ýewraziýadaky ralli ýaryşlarynyň iň uly taslamasyny ösdürmekde täze ädim bolar. Onuň ýerligi ýyl-ýyldan giňemek bilen, häzirki wagtda “Ýüpek ýoly” seriýasy “Garly ýoda” halkara gar ulagy ýaryşyndan başga-da, “Alfa Race” ýaryşy we üç günlük “Ýüpek ýoly” bah girýär.