«Çelsiniň» ýarym goragçysy Meýsin Maunt karýerasyny «Mançester Ýunaýtedde» dowam etdirer. «Gyzyl şeýtanlar» futbolçy bilen uzak wagtlyk şertnama baglaşdylar diýip, «Transfermarkt» habar berýär.
Bu transfer üçin mançestrliler londonlylara 64 million ýewro tölär.
Meýson Maunt «Çelsiniň» akademiýasynyň uçurymydyr. Ol esasy topara 2019/20-nji ýyllaryň möwsüminde goşuldy. 24 ýaşly futbolçy «Çelside» 195 duşuşyk geçirip, olarda 33 gezek tapawutlandy, 37 goluň hem assistini berdi.
Mauntyň «Çelsi» bilen 2020/21-nji ýyllaryň möwsüminde Çempionlar ligasynyň çempiony, UEFA-nyň Naýbaşy kubogynyň eýesi we dünýäniň klublaýyn çempionatynyň ýeňijisi bolandygyny ýatladýarys. Ýarym goragçy Angliýanyň milli ýygyndysynda hem 36 duşuşyk geçirdi.