Şu ýylyň 19 ― 31-nji awgusty aralygynda Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde geçiriljek Uniwersitet sportunyň halkara festiwalyna Türkmenistanyň wekiliniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
«Sowsport» bu festiwala 20-den gowrak döwletiň wekilleriniň, şol sanda azerbaýjanly, ermenistanly, owganystanly, belarusly, braziliýaly, hindistanly, eýranly, gazagystanly, gyrgyzystanly, hytaýly, mongoliýaly, pakistanly, russiýaly, moldowaly, täjigistanly, türkmenistanly, özbegistanly, GAR-ly, türkiýeli, kombojaly, Nepally, şri-lankaly talyp-türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Festiwalyň çäklerinde sportuň 14 görnüşi ― boks, woleýbol, dzýudo, basketboluň 3х3 görnüşi, kiçi futbol, badminton, stoluň üstünde oýnalýan tennis, suwda ýüzmek, suwa beýiklikden bökmek, sambo, sport göreşi, tennis, thekwondo we çeper gimnastika boýunça ýaryşlar geçiriler.
Diňe şu festiwal üçin Ýekaterinburg şäherinde täze sport desgalaryň uly toplumy guruldy.

