Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde rus sirkiniň artistleri çykyş ederler

14:4330.06.2023
0
53810

29-njy iýunda birinji tapgyrynyň desgalary açylyp, ulanylmaga berlen Arkadag şäherinde Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň we Reňkli bulwardaky Moskwa Nikulin sirkiniň artistleri çykyş ederler.

Täze şäherdäki çykyşlar 3 ― 9-njy sentýabr aralygynda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde geçiriler.

Bahalary 40 manatdan 60 manada çenli bolan petekleri 30-njy iýundan başlap, sirkiň kassasyndan satyn alyp bolar. Kassa ir sagat 10-dan 19-a çenli işlär.

Aşgabat şäherinden Arkadag şäherine 45 belgili awtobus gatnaýar. Şeýle hem bu şähere taksidir şahsy ulaglarda-da baryp bolar.

Goşmaça maglumatlar üçin (+993 12) 36 10 34, (+993 12) 36 10 95 и (+993 65) 21 83 20 belgili telefonlara jaň edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň