Nýu-Ýorkda Arkadag şäheri tanyşdyrylar

23:4823.06.2023
0
34984

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde iýul aýynda Türkmenistanda «akylly» şäher konsepsiýasy boýunça gurulýan Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmak çäresini geçirmek meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer BMG bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda birnäçe teklipleri, şol sanda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli syýasy forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli synyny hödürlemek baradaky teklibi beýan etdi.

Iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek bu forumyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşy boýunça ugurdaş çäräni geçirmek teklip edilýär. Şunda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda döredilen Arkadag şäheriniň Durnukly ösüş maksatlarynyň 11-nji maksadynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi bellenildi. Bu maksat şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny, ekologik taýdan durnuklylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Şeýle hem awgust aýynda ýokarda agzalan forumyň jemleri boýunça BMG-niň edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça Türkmenistanda görülýän toplumlaýyn çärelere bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi guramak teklip edildi. Mundan başga-da, DÖM-niň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça maglumat binýadyny öz içine alýan internet meýdançasyny Statistika baradaky döwlet komitetiniň stat.gov.tm internet saýtynda ýerleşdirmek, şeýle hem türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Durnukly ösüş maksatlarynyň sammitine gatnaşmagy boýunça teklipler beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri makullap, BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk gatnaşyklaryň ençeme ugurlary öz içine alýandygyny we uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, şol maksatlary milli derejede durmuşa geçiren ilkinji döwletleriň biri bolup durýan Türkmenistanda olary amala aşyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mundan beýläk-de halkara bileleşigiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatdaky tagallalaryna işjeň gatnaşmak baradaky meýlini tassyklap, ýurduň sebit we dünýä derejesinde abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşant goşjakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli işleri toplumlaýyn we yzygiderli esasda dowam etdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň