Top.Mail.Ru

Türkmenistan Trinidad we Tobago Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

11:5922.06.2023
0
45210
Türkmenistan Trinidad we Tobago Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
Surat: newscentralasia.net

Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekilhanasynyň ofisinde Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky Bilelikdäki habarnamanyň gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň hemişelik wekili Dennis Fransisiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada «Newscentralasia» ýazýar.

Hemişelik wekiller iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem halkara guramalarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda A.Ataýewa ilçi D.Fransisiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýakyn wagtda geçiriljek 78-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we ýurdunyň ileri tutýan ugurlarynyň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýändigini belledi.

D.Frensis Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny Trinidad we Tobago bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutlady we munuň has ýokary derejede uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň