Angliýada ýiten pyşbaga iki ýyldan soň eýelerine gaýdyp geldi diýip, «Mirror» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Jemaýma lakamly pyşdyl Çarlz Uoddelleriň öýünden 2021-nji ýylyň baharynda gaçyp gitdi, muňa onuň eýesi bolan gyzjagaz gaty gynandy. Öý haýwanynyň ykbaly barada iki ýyllap eýeleri hiç zat bilip bilmediler, diňe geçen hepdede olar Jemaýmanyň suratyny sosial ulgamda gördüler. Görlüp oturylsa, pyşbagany başga adamlar ýygnan ekeni, olar onuň öňki eýesini gözläp başlapdyrlar.
«Biz Jemaýmany kakamdan miras aldyk, ol 2016-njy ýylda aradan çykdy. Pyşdylymyzyň 50 ýaşy bolmaly. Ol siziň çak edişiňizden diýseň çakgan ýöreýär» diýip, jandaryň eýesi Çarlz gürrüň berýär.
Pyşbagany öýden sekiz kilometrlikdäki atçylyk sport toplumynyň çäginden tapypdyrlar. Indi Jemaýma üçin gaçmaz ýaly, öýde aýratyn burç ýasadylar.
«Biz ony indi ünsden salmarys» diýip, iki ýylda sekiz kilometr menzil geçen «ýyndam» pyşbaganyň eýeleri aýdýarlar.
