Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro - 2024-iň resmi nyşany yglan edildi

16:4020.06.2023
0
23525

Geljek ýylyň tomsunda Germaniýada geçiriljek futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň talismany mälim edildi.

Ýurduň Gelsenkirhen şäherinde oýnalan Germaniýa bilen Kolumbiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasynda jalbarlyja, sary-gara-gyzyl reňkli butsylyja aýyjyk peýda boldy. Dürli reňkler bilen öwüşgin atýan bu aýyjyk EURO 2024-iň resmi nyşany diýlip yglan edildi. Ady mälim edilmedik aýyjyk Ýewropa çempionatlarynyň taryhyndaky ilkinji aýyjyk talisman bolar. Şol aýyjygyň ady bolsa ses berlişik esasynda saýlanar. Iki hepdeläp dowam etjek ses berlişikde 4 sany at hödürlendi. Olar «Albärt», «Bärnardo», «Bärnheart» hem-de «Herzi von Bär» bolup, «bär» nemes dilinde aýy diýen manyny aňladýar.

17-nji Ýewropa çempionaty 2024-nji ýylyň 14-nji iýuny — 14-nji iýuly aralygynda Germaniýada geçiriler. 24 ýygyndynyň gatnaşjak çempionatynda duşuşyklar ýurduň 10 şäherinde 10 stadionda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň