Pakistanyň Hökümeti Türkmenistan bilen ýakynda gol çekilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky bilelikdäki Meýilnamany tassyklady. Bu barada «Profit Pakistan Today» gazeti habar berdi.
Bu karar taslamany tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmak işiniň tamamlanmagyny we gurluşyk tapgyryna geçmegi çaltlandyrmagy maksat edinýär.
Indi gyzyklanýan taraplar esasy taslama şertnamalaryny baglaşmaga we beýleki zerur bolan şertleri çözmäge üns bererler. Şeýle hem taraplar TOPH gaz geçiriji taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmek üçin, taslamany durmuşa geçirmegiň strategiýalaryny işläp düzmäge girişerler diýlip, habarda bellenilýär.
Gol çekilen Meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň wekillerini öz içine alýan utgaşdyryjy topar hem dörediler. Bu topar taslama işlerine gözegçilik eder we işiň amala aşmagyny çaltlaşdyrar, şeýle hem ýüze çykyp biljek meseleleri çözmäge gatnaşar.
Ýeri gelende bellesek, TOPH gaz geçiriji taslamasy sebitde energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmagy, ykdysady ösüşi we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.
