Şu gün «Watan» kinokonsert merkezinde Rumyniýanyň «Transilwaniýa» folklor toparynyň konserti geçirildi. Bu dabara Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli Rumyniýanyň ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleriniň bilelikde guramagynda geçirildi.
Dabaranyň başynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly gutlag sözi bilen çykyş etdi.
— Biz Rumyniýanyň demirgazyk sebitinden, ýagny Baýa-Mare şäherinden «Awaza — 2023» atly halkara folklor we tans festiwalyna gatnaşmaga geldik, festiwal üstünlikli geçirildi. Bu gün bolsa biz döredijilik toparymyz bilen Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde çykyş edýäris. «Transilwaniýa» folklor toparymyzyň döredilenine şu ýyl 64 ýyl boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda biz dünýäniň birnäçe ýurdunda döredijilik saparynda bolduk. Biziň Awazada hem-de Aşgabatda ýerine ýetiren çykyşlarymyza ýokary baha berdiler — diýip, «Transilwaniýa» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy Duli-Babieý Teodor-Aleksandru gürrüň berdi.
«Transilwaniýa» folklor toparynyň tansçylarynyň çykyşlary dabara gatnaşan myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Konserte tomaşa eden myhmanlar çykyşlaryň üsti bilen, dostlukly ýurduň durmuşy, şeýle-de medeniýeti we sungaty bilen gaýybana tanyş boldular.