Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Bihu» hindi tans toparynyň konserti geçiriler

14:2717.06.2023
0
50897

Şu gün sagat 18:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde Hindistanyň «Bihu» tans toparynyň çykyşlary bolar. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Hanym Gogoý Drimliniň ýolbaşçylygyndaky 8 tansçydan ybarat bolan topar «Awaza — 2023» atly halkara festiwalynda «Bihu» hindi milli tansy bilen çykyş etdi. Bu tans — Hindistanyň Assam ştatynyň halk tansy, Assam medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.

«Bihu» tansy hindi milli lybasyndaky oglan-gyzlaryň gatnaşmagynda, esasan hem, her ýylyň aprel aýynda bellenýän «Bihu» festiwalynda ýerine ýetirilýär.

Tansyň sazy bihu dhol, pepa, toka, taal, gogona, ksutuli ýaly saz gurally arkaly döredilýär. Tansçy oglanlaryň öwüşginli lybaslary, zenanlaryň ajaýyp saz dörediji şaý-sepleri olaryň ýerine ýetirýän çykyşlarynda aýratyn şowhun döredýändigini bellemelidiris.

Ozal habar berşimiz ýaly, tans topary 13 — 16-njy iýunda aralygynda Türkmenistanda geçirilen «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň