Top.Mail.Ru

Boris Jonson «Daily Mail» gazetinde işlär

12:2017.06.2023
0
36330
Boris Jonson «Daily Mail» gazetinde işlär
Surat: interfax.ru

Beýik Britaniýanyň öňki Hökümet başlygy Boris Jonson ýurduň «Daily Mail» gazetinde işlär diýip, «Sky News» teleýaýlymyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berýär.

Habarda Jonsonyň gazetde hepdelik köşäni (sütün makalany) alyp barjakdygy aýdylýar.

«Daily Mail» gazeti hem düýn çap eden habarynda öz redaksiýasynda, hakykatdanam, gyzykly awtoryň işläp başlajakdygyny, onuň makalalarynyň Westminder köşgi tarapyndan hökman okaljakdygyny ýaňzytdy.

Boris Jonson 2019-2022-nji ýyllarda Britaniýanyň Premýer-ministri, ondan öň ýurduň DIM-niň başlygy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň