Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde ulanyljak döwrebap ulaglar sowgat berildi

18:0916.06.2023
0
29577
Arkadag şäherinde ulanyljak döwrebap ulaglar sowgat berildi
Surat: tdh.gov.tm

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Göçme mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet ähmiýetli Arkadag şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri bilen bagly resminamalara gol çekdi.

Mejlis tamamlanandan soňra, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. TDH-niň berýän habaryna görä, täze şäherde ulanyljak ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ulaglary — elektrobuslary, elektromobilleri, jemagat we ýöriteleşdirilen gulluk ulaglary sowgat berildi.

Soňra bolsa, türkmençilik däp-dessuryna eýerip, toý sadakasy berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň