Soňky habarlar

Arhiw

«KiberOne» programmirleme mekdebi tomusky intensiw okuwlary gurnaýar

10:4709.06.2023
0
20884

Aşgabatdaky KiberOne çagalar üçin ilkinji halkara programmirleme mekdebi tomusky intensiw IT okuwlaryna çagyrýar.

Aşakdaky intensiw programmirleme okuwlaryna kabul edişlik alnyp barylýar:

  • 2-D oýunlary döretmek;
  • «Python» dilinde programmirlemek;
  • «Java script» dilinde programmirlemek;
  • Unity 3D;
  • «Minecraft» okuwy.

«KiberOne» mekdebinde tomusky intensiw IT okuwlary – baý mazmunly bilim we göwün açmak maksatnamasy bolup, okuwyň oýunlar we fiziki işjeňlik bilen utgaşmasydyr, çaga üçin täze dostlar tapmaga we döwrümiziň iň köp isleg bildirilýän hünärleriniň biriniň başarnyklaryny özleşdirmäge mümkinçilikdir.

«KiberOne» mekdebiniň tomusky intensiw IT okuwlaryna ýazylmak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 62) 20 64 19, (+993 63) 63 91 92 we (+993 62) 52 56 38.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň