Soňky habarlar

Arhiw

Şu aýda Maşat şäherinde türkmen-eýran işewürlik forumy geçiriler

16:5506.06.2023
0
41736

17-nji iýunda Maşat şäherinde türkmen-eýran işewürlik forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Oňa iki ýurduň işewürleridir telekeçileri gatnaşarlar -diýip, «Tähran Taýms» habar berdi.

Çäre Maşadyň Söwda-senagat palatasy we türkmen-eýran hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasy guramagynda geçiriler. Bellenişine görä, forumyň esasy maksady iki goňşy döwletiň arasyndaky işewür gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybarat.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi we onuň çäklerinde çäklerinde türkmen-eýran işewürler toparlarynyň duşuşygy geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň çäklerinde eýran we türkmen telekeçileriniň arasynda azyk önümlerini, plastik gaplary we tehniki enjamlary import etmek bilen baglanyşykly, jemi 3 sany (onlaýn we ýüzbe-ýüz) ikitaraplaýyn şertnama gol çekilendigini bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň