Soňky habarlar

Arhiw

Afrikada iň gadymy adamlaryň aýak yzlaryny tapdylar

14:2302.06.2023
0
23558
Afrikada iň gadymy adamlaryň aýak yzlaryny tapdylar
Surat: gazeta.ru

Lester uniwersitetiniň arheologlary Keýptaunyň kenarýakalarynda (GAR) adamyň iň gadymy aýak yzlaryny tapdylar. Olaryň 153 müň ýaşy bar. Bu barada «International Journal of Plant and Animal Traces» žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Alymlar Günorta Afrika burnunyň kenarýakalarynda dürli ýerlerdäki aýak yzlaryny ylmy taýdan öwrendiler. Munuň üçin arheologlar ýörite ösen tehnologik usuldan peýdalandylar.

Häzirki wagtda gadymy adamlara degişli edilýän aýak yzlarynyň bary-ýogy 14-si bellidir. Olaryň ýaşy 50 müň ýyldan gowrak diýlip hasaplanýar. Olaryň ählisi-de Afrikadan tapyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň