Indoneziýanyň Bali adasynyň gubernatory Waýan Koster adadaky daglara münmegi gadagan etdi, sebäbi olar mukaddes ýerler bolup durýar. Bu barada «Tribun-Bali» portalyna salgylanýan TASS ýazýar.
Gubernator golaý wagtda bu ugurda ýörite sebit kanunynyň kabul ediljekdigini habar berdi. Onda adadaky ähli daglara münmek gadagan ediler. Gadaganlyk Baliniň ýaşaýjylary, daşary ýurtly jahankeşdeler, şeýle-de Indoneziýadan geljek syýahatçylar üçin giriziler.
Adamlar daga diňe ol ýerde ýörite çäreler geçirilýärkä münüp bilerler.