Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze binasy açyldy

18:0201.06.2023
0
37281

Şu gün Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dabaraly çärä ÝHHG-niň Baş sekretary hanym Helga Şmid, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabatda bu iri halkara Guramanyň täze binasynyň açylmagy Türkmenistan bilen ÝHHG-niň dünýä bileleşiginde tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmegiň, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, adamlaryň durmuşynyň ykdysady hem-de durmuş şertlerini gowulandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň