Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

09:5601.06.2023
0
20533

Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurduň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Gadymy Ýerewan şäheri dostlukly ýurduň wekillerini myhmansöýerlik bilen garşylady. Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Ýerewanyň Aram Haçaturýan adyndaky uly konsert zalynda geçirildi.

31-nji maýda bolan medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Ermenistan Respublikasynyň köpsanly medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungatşynaslar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle hem ýurduň wekilçilikli toparynyň agzalary gatnaşdylar. Onda bu çäräniň iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynda, medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidigi barada gürrüň edildi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde iki ýurduň medeniýet ministrleriniň duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Hökümtleriň arasynda 2023 — 2025 ýyllarda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk gazanyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr » elektron neşirinde habar berildi.

Şeýle hem döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň işgärleri Ýerewanyň Mesrop Maştos adyndaky Matenadaran Gadymy golýazmalar muzeý-institutynda boldular.

Soňra Ýerewanyň Aram Haçaturýan adyndaky konsert zalynda ýurduň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralan konsertde meşhur estrada aýdymçylary, folklor we tans toparlary, bagşylar öz çykyşlarynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, häzirki zaman milli medeniýetiň ýokary derejesini wasp etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň