Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy

16:5131.05.2023
0
26677
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary dowam edýär. Şu gün — saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy EYR-nyň «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy. Şeýle-de toplumyň howlusynda öndürilýän enjamlaryň we önümleriň sergisi bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň maslahat.gov.tm internet saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, senagat toplumynyň wekilleri bilen bolan gepleşiklerde nebithimiýa, elektroenergetika ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meselelere garaldy. EYR-nyň bu iri senagat toplumynyň bu ugurda Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardygy duşuşykda bellenildi. Häzir bu toplumyň garamagynda 77 sany şereket hereket edýär.
Şeýle-de söwda gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmenistan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda senagat taýdan ösen döwlet bolmak bilen, häzirki wagtda ýurduň önümçilik kuwwatlyklary barha artýar. Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň çäginde üstaşyr ulag geçelgeleriniň üsti bilen eksport-import mümkinçilikleri ýokarlanýar.

Türkmenistanda öndürilýän önümler dünýä bazarlarynda, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynda uly islegden peýdalanýar. Şunlukda, iki döwletiň arasynda söwda gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, söwda ulgamynda ozaldan gelýän ylalaşyklar iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-nyň «Mapna Group» senagat toplumynyň sergisine aýlanyp görmegi we tanyşmagy hem eýran önüm öndürijilerine öz önümleri bilen türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge uly mümkinçilik bolar. Munuň özi ikitaraplaýyn söwda we beýleki ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly itergi berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň