Soňky habarlar

Arhiw

Koreýaly asmanda uçaryň ätiýaçlyk gapysyny açdy

10:5527.05.2023
0
35135
Koreýaly asmanda uçaryň ätiýaçlyk gapysyny açdy
Surat: chosun.com

Günorta Koreýanyň Çeji howa menzilinden Tegu halkara howa menziline uçuşy amala aşyrýan asman gämisi açyk ätiýaçlyk gapysy bilen ýere gonmaly boldy diýip, «KBS News» neşirine salgylanýan «News.ru» ýazýar.

Deslapky maglumatlara görä, uçuş wagty gapyny 30 ýaşly ýolagçy açypdyr. Ýere gonmak üçin aşak inip başlan uçarda 194 adam bolup, olaryň hiç biri ejir çekmedi. Emma dokuz adamyň demi tutuldy we howa menzilinde lukmanlar olara ilkinji kömegi berdiler.

Bolup geçen hadysa sebäpli uçary abatlamaly boldy, netijede, Tegudan Çejä çenli uçuş iki sagat saklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň