Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Monakoda «Formula-1»-iň altynjy tapgyryna badalga berler

09:3926.05.2023
0
19620

26-njy maýda «Formula-1» ýaryşynyň 2023-nji ýyldaky altynjy tapgyry ― Monako Gran-prisi badalga alar. Bu barada TASS habar berdi.

Yzda galan bäş tapgyrda «Red Bulluň» sürüjileri niderlandly Maks Ferstappen bilen meksikaly Serhio Peresiň ýeňişleri bar. Umumy hasapda iki sürüji 14 utuklyk tapawut bilen birinji we ikinji orunlary paýlaşýarlar. «Aston Martiniň» ispaniýaly sürüjisi Fenando Alonso bolsa Ferstappenden 44 utuk yzda barýandygyna garamazdan, hormat münberiniň üçünji basgançagynda.

Monako Gran-prisi ýaryşyň iň meşhur tapgyrlarynyň biridir. Monte-karlodaky ýaryşa 1950-nji ýylda badalga berlipdi. Iki ýyldan soňra bolsa Monako taýýarlyk wagtynda sürüjileriň biriniň heläk bolmagy bilen sanawdan aýryldy. Ýöne 1955-nji ýyldagaýtadan dikeldilen tapgyr diňe pandemiýa döwründe bir gezek geçirilmedi, galan ýyllarda geçirilip gelinýär.

Monako Gran-prisini «Formula-1»-däki iň haýal tapgyr hökmünde görkezip bileris. Häzirki sürüjileriň arasynda bu ýerde Lýuis Hemiltonyň üç gezek, tutuş taryhda bolsa braziliýaly Aýrton Sennanyň alty gezek çempionlygy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň