Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda kýorling boýunça Kubok ýaryşy geçirildi

12:0325.05.2023
0
23489

Türkmenistanyň Kýorling federasiýasy paýtagtdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň kiçi buzly arenasynda ýetginejkleriň arasynda açyk Kubok ýaryşyny geçirdi.

Has takygy, ýaryş 14 ― 17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda geçirildi.

Gyzykly ýaryşlaryň netijesinde Emine Nurmuhammedowa hem-de Imran Kakaýew jübüti Kýorling federasiýasynyň açyk Kubogynyň ýeňijisi hökmünde bellige alyndy. Olar S.Gulamalyýewadan tälim alýarlar.

Aýjan Bekiýewa bilen Daňatar Muhamow hormat münberiniň ikinji basgançagynda ýerleşdiler. Aişa Geldimyradowa bilen Iskander Durdyýew jübüti bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň