Amerikaly we şweýsariýaly aýdymçy zenan Tina Terner 83 ýaşynda aradan çykdy diýip, «MIR 24» habar berýär. Ol uzaga çeken agyr keselden soň Şweýsariýanyň Sýurih şäheriniň golaýyndaky Kýusnahtdaky öýünde aradan çykdy.
«Rolling Stone» žurnalynyň ýazmagyna görä, Terner häzirki zamanyň iň ajaýyp aýdymçylarynyň biridir. Ol sekiz gezek «Gremmi» baýragyna mynasyp boldy. Terneri sahna ussatlygy üçin «Rok-n-rolluň şa zenany» diýip atlandyrýardylar, ol dünýäniň iň oňat tansçylarynyň onlugyna girdi.
Tina Terner 1939-njy ýylyň 26-njy noýabrynda ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň Natbuş şäherinde doguldy. Soň Şweýsariýanyň raýatlygyny aldy.
Geljekki aýdymçy saz sungatyna çagalygyndan imrindi. Onuň iň meşhur aýdymlary: «The Best, Proud Mary, Private Dancer» we «What's Love Got to Do With It» hasaplanýar.