Kipr Respublikasynyň täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

19:5422.05.2023
0
28406
Kipr Respublikasynyň täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kipros Ýorgallis bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. B.Mätiýew Kipr Respublikasynyň ilçisini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň işine türkmen tarapynyň degişli ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Ministrligiň resmi saýtynda berilýän habara görä, gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Taraplar syýasy gepleşikleri ýokary derejede saklamagyň wajypdygyny bellediler. Daşary syýasat edaralarynyň derejesinde geňeşmeler guralynyň ähmiýeti hem nygtaldy.

Daşary işler ministriniň orunbasarynyň belleýşi ýaly, syýasy dialogy ösdürmekde, söwda-ykdysady, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmekde parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň halkara we sebit guramalaryň çäklerinde, ilki bilen BMG-de oňyn hyzmatdaşlygy alyp barýandyklaryny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň