Aşgabatda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçiriler

10:1522.05.2023
0
18410

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn — 21-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisde wise-premýer N.Amannepesow hasabatynyň çäklerinde şu ýylyň 5 — 9-njy iýuny aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Halkara we Aziýa tennis federasiýalary bilen bilelikde geçirjek bu ýaryşyna Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, daşary ýurtlar we olaryň halklary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähmiýetli bolan bu abraýly ýaryşyň Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň