Soňky habarlar

Arhiw

Minnihanow türkmen alabaýynyň täze suratyny paýlaşdy

17:0715.05.2023
0
43988
Minnihanow türkmen alabaýynyň täze suratyny paýlaşdy
Surat: t.me/s/rustamminnikhanov/

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow «Telegram» sahypasynda özüniň Akdus atly alabaýynyň täze suratyny paýlaşdy. Suratda Akdusyň ýaşyl tokaýyň öňünde ýatandygyny görmek bolýar.

Minnihanow suratyň aşagyna «Akdusy küýsediňizmi?» atly ýazgy hem ýerleşdiripdir. Surata ýazlan teswirlerde Tatarystanyň ýaşaýjary türkmen alabaýynyň örän çalt ulalandygyna haýran galýandyklaryny beýan etdiler.

Ýeri gelende bellesek, Akdus heniz kiçijek güjük mahaly türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2021-nji ýylda Rustam Minnihanowa sowgat berlipdi. Akdusyň ady tatar dilinden terjime edilende «Ak dost» diýmegi aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň