Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda sagatlyk zähmet haky 4,4 göterim, ýagny 30 ýewro çenli ýokarlandyryldy. Şeýle maglumaty ÝB-niň Statistika edarasy habar berdi diýip, «Habar 24» ýazýar.
Milli puly ýewro bolan Ýewropa zolagynyň ýurtlarynyň arasynda aýlyk haklarynyň has artan ýerleri Finlýandiýa we Malta boldy, Litwanyň, Estoniýanyň hem-de Horwatiýanyň raýatlarynyň zähmet haklary 8 göterimden 13 göterime çenli ýokarlandy.
Aýlyk haklarynyň artdyrylyş depgini boýunça öňdäki orunlary Wengriýa, Bolgariýa we Rumyniýa eýeleýär. Bu ýurtlarda ösüş 12-16 göterim derejededir.
Daniýa we Şwesiýa bu ugurda yza galýar, bu döwletlerde zähmet haklarynyň artdyrylyşy 3 göterime çenlidir. Şunda Daniýada sagat iş wagty üçin tölenýän zähmet haky iň ýokary bolmagynda galýar, ýagny bu görkeziji 46 ýewro çenli artdy.

