«Arkadag» topary «Nebitçini» 5:0 hasabynda utdy

16:1814.05.2023
0
46385

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda «Arkadag» topary öz meýdanynda Balkanabadyň «Nebitçisinden» 5:0 hasabynda üstün çykdy.

Gollar: 23, 66 Didar Durdyýew, 73 Begenç Akmämmedow, 77 Altymyrat Annadurdyýew, 82 Yhlas Saparmämmedow («Arkadag»)

«Arkadag» topary gazanan bu ýeňşinden soň toplan 15 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Altyn Asyr» hem-de «Köpetdag» toparlary eýeleýärler. Bu toparlaryň ikisi-de 11 utukdan toplamagy başardylar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 17-nji maýda geçiriler — «Şagadam» — «Merw», «Aşgabat» — «Altyn Asyr», «Nebitçi» — «Ahal» hem-de «Energetik» — «Arkadag».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň