BRIKS halkara guramasyna agza ýurtlar (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika) umumy puly girizmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu barada «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Eadaily.com» ýazýar.
Günorta Afrika Respublikasynyň daşary işler ministriniň sözlerine görä, bu mesele agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 22-nji awgustda Ýohannesburg şäherinde geçjek duşuşygynyň gün tertibine girizilip bilner.
BRIKS guramasy dünýä ilatynyň 40 göterimden gowragyna we ählumumy ykdysady önümçiligiň üçden bir bölegine wekilçilik edýär, bu bolsa ony Ýer ýüzünde iň wajyp ykdysady bileleşikleriň birine öwürýär.
Müsüri, Saud Arabystanyny we Eýrany goşmak bilen, ýurtlaryň birnäçesi guramanyň hataryna girmäge gyzyklanma bildirýärler. Alžir döwleti bolsa golaý wagtlarda BRIKS-iň agzasy bolar.