Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dubaýda iň gymmat awtoulag belgisi satyldy

10:4511.05.2023
0
25753
Dubaýda iň gymmat awtoulag belgisi satyldy
Surat: point.md

Dubaýda geçen söwda-satyg çäresinde taryhda iň gymmatbaha awtoulag belgisi satyldy. Ýerli ýaşaýjy «P 7» awtoulag belgisini 14,9 million amerikan dollaryna satyn aldy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Söwdalaşygyň başlangyç nyrhy 4 million dollar diýlip kesgitlendi, belgä «Telegram» sosial ulgamyny esaslandyryjy Pawel Durow 10 million dollar tölejekdigini mälim etdi. Mundan soňra adyny gizlin galdyrmak islän ýaşaýjylaryň biri belgini 14,9 million dollara satyn aldy.

Söwda-satyg auksiony haýyr-sahawat maksady bilen geçirildi, onuň satuwyndan gelen maliýe serişdesi bütin dünýäde kömege mätäç adamlara paýlanar. Şol gün sanlaryň gyzykly sazlaşygy bolan awtoulag belgileri hem satylyp, 38 müňden 800 müň dollara çenli girdeji gazanyldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýty habar berýär.

Geçen ýyl Dubaýda «АА9» nyşanly awtoulag belgisi 10 million dollara satylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň