Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli dabaraly harby ýörişe gatnaşdy, Türkmenistanyň bilim ministri Londonda geçirilen Bütindünýä forumyna gatnaşdy we beýleki habarlar

10:4510.05.2023
0
22984

Türkmenistanda

1. 9-njy maýda Moskwadaky Gyzyl meýdançada Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly harby ýöriş geçirildi, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň Prezidentleri we Ermenistanyň premýer-ministri dabaraly harby ýörişe gatnaşmaga geldiler. Dabaraly harby ýörişe 10 müň harby gullukçy we 125 sany harby tehnika gatnaşdy. Dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak üçin Aleksandrow bagyna tarap ugradylar.

2. Türkmenistanda hem Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlar hatyralandy. Esasy dabaralar Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň çäginde geçirildi, bu ýerde 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda mertlerçe wepat bolan milli gahrymanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýmak çäresi boldy.

3. Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda weteranlar üçin dabaraly kabul edişlik guraldy. Çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew, ýurtda akkreditirlenen diplomatik gulluklaryň we KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Wepa Hajiýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna çuňňur hormat we uly üns bilen çemeleşilýär.

4. Duşenbe güni Duşanbe şäherinde Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Iki ýurduň söwda-senagat edaralarynyň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri ykdysadyýetlerini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürýän Türkmenistanda we Täjigistanda telekeçiligi netijeli hem-de depginli öňe ilerletmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleriniň döredilendigini nygtadylar.

5. Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa 7 – 9-njy maý aralygynda Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumynyň işine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde ol bilim edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy boýunça brifinge gatnaşdy, şeýle hem bilim bilim bermegiň menejmenti ulgamynda tejribe alyşmak meselelri boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bütindünýä bilim forumy – bütin dünýäniň bilim ministrlerini bir ýere jemleýän iň iri çäredir. Şu ýyl onuň işine 100-den gowrak bilim ministri gatnaşdy.

Dünýäde

6. Kosmosa uçuşlaryň operatory bolan «Arianespace» kompaniýasy we Şweýsariýanyň «Clearspace» taslamasy bilelikde kosmiki zibilleri arassalamak boýunça çäre geçirerler. Kosmosy arassalamak boýunça çäre 2026-njy ýylda badalga alar. «Clearspace-1» atly kosmos gämisi-arassalaýjysy Ýeriň orbitasynda aýlanýan 112 kilogram zibili toplamaly bolar. Ol, esasan, kosmos gämileriniň iri böleklerinden we öz serişdelerini doly sarp edip gutaran hemralardan ybaratdyr.

7. Golliwudyň «Oskar» baýragyna mynasyp bolan aktýory Robert De Niro 79 ýaşynda ýedinji gezek kaka boldy. Çaganyň ejesi aktýoryň soňky döwürde gatnaşyk saklaýan zenany – söweş sungatlary boýunça tälimçi Tiffani Çendir. Çaganyň jynsy mälim heniz edilmedi. De Nironyň başga-da alty çagasy – dört ogly we iki gyzy bar. De Nironyň maşgalasynda täze agzanyň peýda bolandygy «Kakam bilen dynç alyş» komediýasynyň metbugat syýahatynda mälim boldy, aktýoryň özi metbugatyň wekillerine çaganyň doglandygy barada gürrüň berdi

Sport habarlary

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň çärýekfinalynyň birinji duşuşyklary tamamlandy. «Merw» öz meýdançasynda «Aşgabatdan» 3:1 hasabynda üstün çykdy, «Ahal» Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» 4:1 hasabynda ýeňdi, «Köpetdag» 5:1 hasabynda «Arkadagdan» ýeňildi, «Nebitçi» bolsa ýekeje pökgi bilen «Altyn asyrdan» asgyn geldi – 1:0. Jogap duşuşyklary 20-nji maýda geçiriler. Ýarymfinal duşuşyklary 27-nji maýda we 2-nji iýunda geçiriler.

9. Madridiň «Realy» Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň birinji duşuşygynda «Mançester Siti» bilen deňme-deň oýnady. «Santýago Bernabeu» stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. 36-njy minutda öý eýelerinden Winisius Žunior hasaby açdy. Myhmanlar 67-nji minutda Kewin de Brýuneniň goly bilen hasaby deňlemegi başardylar. Toparlar jogap duşuşygyny 17-nji maýda Angliýada geçirerler. «Milan» bilen «Interiň» arasyndaky ikinji ýarymfinal duşuşygy şu gün geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 23:45-de «Matç TW» teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziler.

10. Sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty – 2023 7 – 11-nji iýun aralygynda Gazagystanda geçiriler. Medallar ugrundaky ýaryşlar ýetginjekleriň, ýaşlaryň, ulularyň we sport ussatlarynyň arasynda sport sambosy boýunça, şeýle hem erkekleriň arasynda söweş sambosy boýunça geçiriler. Şeýle hem ilkinji gezek sambo boýunça körleriň we şowakörleriň arasynda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçiriler, derejeleriň biri açyk görneşde geçiriler. Çempionat 2023-nji ýylda geçiriljek Söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlama bäsleşik bolar. Ýaryşlar Astana şäherindäki «Bilaýn Arena» meýdançasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň