Arhiw

Türkmenistanyň bilim ministri Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy

20:3309.05.2023
0
41547

Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa 7-nji maýdan 9-njy maý aralygynda Londonda her ýyl geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna (EWF) gatnaşdy.

Ministrligiň «Turkmenportala» habar berşi ýaly, forumyň çäginde G.Ataýewa bilim edaralarynyň utgaşdyrylmagy boýunça geçirilen brifinge gatnaşdy we bilim dolandyryşy ulgamynda tejribe alyşmak boýunça birnäçe duşuşyk geçirdi.

Bütindünýä bilim forumy dünýäniň dürli künjeklerinden bilim ministrlerini bir ýere jemleýän iň uly meýdançalaryň biridir. Bu ýyl onuň işine 100-den gowrak bilim ministri gatnaşdy.

Forum üç gün dowam edip, oňa gatnaşyjylar pedagogika we bilim pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleriniň hünärlerini ösdürmek boýunça häzirki zaman çözgütleri bilen tanyşdylar. Şol bir wagtyň özünde, bilim ministrleri tarapyndan umumy we anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe duşuşyk geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň