Turkmenportal logo
10.05.23
3101131011
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: dört duşuşykda 16 gol. Ýokary ligada hem ýokary netije
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: dört duşuşykda 16 gol. Ýokary ligada hem ýokary netije

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finallarynda derwezelere jemi 16 pökgi geçirildi. Bu ýurtda şu ýyldaky futbol möwsüminiň iň ýokary netijesidir.


5 tapgyry yzda galan Ýokary liganyň hem her tapgyrynda dört duşuşyk geçirilýär. Ýöne şu ýyl tapgyrlaryň hiç birinde-de derwezelere 16 gol geçirilmedi.


Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklarynyň üçüsinde derwezelere 3 ýa-da ondan hem kän gol geçirildi. Has takygy, Maryda ýerli «Merw» «Aşgabady» 3:1, paýtagtda «Ahal» «Şagadamy» 4:1, «Arkadag» topary bolsa «Köpetdagy» 5:1 hasabynda ýeňdi. Diňe «Altyn asyr» ― «Nebitçi» duşuşygy (1:0) bir gol bilen tamamlandy.


Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklaryndan soň Kubok ýaryşynyň şu möwsüminde geçirilen gollaryň sany 24-e çykdy.