Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy bellenildi

12:0809.05.2023
0
19451
Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy bellenildi
Surat: duma.gov.ru

1941-45-nji ýyllaryň ikinji jahan urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy dünýäniň köp ýurdunda dürli dabaralar bilen bellenilip geçildi.

8-nji maýda bu taryhy sene mynasybetli dünýäniň onlarça ýurdunda «Baky polk» ady bilen däbe öwrülen ýörişler geçirildi. Adamlar şäherleriň merkezi köçelerinden urşa gatnaşan frontçy esgerleriň portretlerini göterip geçdiler.

«Baky polk» ýörişi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza ýurtlarynda, Argentinada, Kongoda, Ýaponiýada, Kambojada, Urugwaýda, Türkiýede, Eýranda, Koreýa Respublikasynda, Wenesuelada, Mongoliýada, Ysraýylda geçirildi.

Tutumdan soňra baýramçylyk konsertleri guraldy, harby orkestleriň ýerine ýetirmeginde uruş ýyllarynyň aýdym-sazlary ýaňlandy.

Aşgabatda geçirilen «Baky polk» ýörişine 1 müňden gowrak adam gatnaşdy.

9-njy maýda Russiýanyň paýtagty Moskwadaky Gyzyl meýdançada bu taryhy senä bagyşlanan dabaraly ýöriş boldy.

Dabarada RF-iň Prezidenti Wladimir Putin çykyş edip, ähli ýygnananlary, harby gullukçylary, esgerleridir serkerdeleri we bütin adamzady beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy bilen gutlady. Putin öz çykyşynda Russiýanyň Günbatarda-da, Gündogarda-da hiç bir halky özüniň duşmany hasaplamaýandygyny nygtady. Soňra Russiýanyň döwlet Baştutany uruş gahrymanlarynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan etdi.

Ýörişiň howa uçuşlary bölegi geçirilmedi. Gyzyl meýdançadan 8 müňden gowrak harby gullukçy nyzam bilen geçdiler, soňra harby tehnikalar geçdi.

Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwa wagty bilen 22:00-da 10 minuda çeken baýramçylyk feýerwerki guraldy.

Moskwada geçen dabaraly ýörişe Ermenistanyň Premýer-ministri, Belarussiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň Prezidentleri gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň