Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurtlarda dynç almak gymmatlady

10:3506.05.2023
0
29656
Daşary ýurtlarda dynç almak gymmatlady
Surat: dzen.ru

Bütin dünýäde jahankeşdelik hyzmatlary gymmatlady. Koronawirus bilen bagly girizilen uzak wagtlyk çäklendirmeler bütin jahankeşdelik senagatyna uly urgy boldy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, ählumumy jemi içerki önümiň azalmagynyň 70 göterimi turizm pudagyndaky ýitgiler bilen baglydyr. Häzir ol işjeň dikelýär, emma hyzmatlaryň bahalary-da artýar. Geosyýasy durnuksyzlyk hem bu bazara zyýan edýär.

Mysal üçin, şu ýyl Gruziýa jahankeşdelik saparlary 30 göterime golaý gymmatlady, gruzin pulunyň hümmetiniň artmagyna we benziniň nyrhynyň arzanlamagyna garamazdan, ýurtda jahankeşdelik hyzmatlary, jahankeşdeler üçin zerur bolan ähli zatlar gymmatlaýar. Myhmanhanalar, restoranlar, taryhy-medeni ýadygärliklerdir muzeýlere baryp görmek hem gymmatlamak bilen.

Gruziýada indi 3 ýa-da 4 ýyldyzly myhmanhanada bir gije bolmak üçin 60 dollar ýa-da ondanam köp tölemeli. Restoranda oňat garbanmak üçin bolsa 48 dollar harçlamaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň