25-nji maýda Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi başlaýar

10:1303.05.2023
0
32638

25-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi başlaýar we häzirki wagtda bu ýerde taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň berýän habaryna görä, taýýarlyk Awaza häkimliginiň jemgyýetçilik bölümi we kenar ýakasyndan 20 km uzalyp gidýän dynç alyş toplumynyň saglygy goraýyş merkezleriniň tehniki hyzmatlary tarapyndan meýilleşdirilen tertipde amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda deňiz kenaryndaky dynç alyş desgalarynyň hemmesi diýen ýaly myhmanlary kabul etmäge doly taýýar.

Tomus möwsümine taýýarlyk görmek işleri «Ahal», «Balkan», «Lebap», «Mary», «Daşoguz», «Daýanç» we «Arzuw» çagalar saglyk merkezlerinde hem alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň