Aşgabatda «Uruş ýyllarynyň aýdymlary» ýaňlanar, Türkmenistanda iň owadan ahalteke aty saýlandy, «Arkadag» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň sanawynda birinji orna çykdy we beýleki habarlar

11:1801.05.2023
0
39758

Türkmenistanda

1. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly kafedrasy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we paýtagtyň myhmanlaryny 6-njy maýda, Ýeňiş baýramynyň öňüsyrasynda guraljak «Uruş ýyllarynyň aýdymlary» konsertine çagyrýar. Konsertiň maksatnamasynda paýtagtyň meşhur aýdymçylarynyň we sazandalarynyň çykyşlary orun alar. Konsert konserwatoriýanyň Uly zalynda sagat 18:00-da geçiriler. Giriş mugt.

2. «2023-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýlip Goşasakar atly bedew ykrar edildi. Şeýle çözgüt Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynda geçirilen «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleri esasynda kabul edildi. Halkara bäsleşiginiň ýeňijisini seýislän seýis Atçapar Bajamowa döwlet Baştutanynyň adyndan «Toyota Fortuner SR-5» kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

3. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Russiýanyň Kiçi teatrynyň ýanyndaky Mihail Semýoniwiç Şepkin adyndaky Ýokary teatr mekdebinde bilim almak üçin seçip alyş işleri boýunça resminamalary tabşyrmagyň möhletini uzaltdy. «Aktýorlyk ussatlygy» hünäri boýunça bilim almak üçin resminamalaryň kabul edişligi 2023-nji ýylyň 10-njy maýyna çenli uzaldyldy. Seçip alyş işleri Aşgabatda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kabul ediş topary tarapyndan amala aşyrylýar.

4. «Dostluk kerweni» atly halkara awtoýörişe gatnaşyjylary Türkmenistana geldiler. Awtoulaglaryň kerweni Farap goýberiş nokadynyň awtoulag ýolundan geçip, Aşgabada tarap ugur aldylar. Toparyň düzümi 80 adamdan ybarat. Olaryň hatarynda awtoulag ýoly boýunça hünärmenler we döredijilik işgärleri bar. Awtoýörişe gatnaşyjylar ýurtda bolmaklarynyň çäklerinde türkmen paýtagtynyň gözel künjeklerine, şeýle hem Nusaýdaky Parfiýa galalaryna baryp gördüler.

5. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýada saparda bolup, saparyň çäklerinde Atçylyk toplumyna baryp gördi we bu ýerde atlary saklamagyň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de bütin dünýäde şöhrat gazanan ahalteke bedewlerini köpeltmegiň we seýislemegiň milli usullary barada gürrüň berdi. Şonuň bilen birlikde, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini hem-de umumylykda atçylyk pudagyny kämilleşdirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Dünýäde

6. Alper Gezerawjy HKS-e uçjak ilkinji türk astronawty bolar, bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Stambulda geçirilýän «TEKNOFEST» atly tehnologiýalar forumynyň dowamynda belläp geçdi. Gezerawjy – Türkiýäniň Harby-howa güýçleriniň uly tejribesi bolan uçarmany. Onuň kosmasa uçuşynyň şu ýylda amala aşyryljakdygy çaklanylýar. Gezerawjynyň kömekçisi hökmünde «Roketsan» kompaniýasynyň raketa-göterijileri işläp düzmek boýunça inženeri Tuwa Jihangir bellenildi. Türkiýäniň milli kosmos maksatnamasynyň işe giriziljekdigi hakynda 2021-nji ýylda yglan edilipdi. Onuň çäklerinde Türkiýäniň taryhynda ilkinji astronawtlary taýýarlamak we Aýa hususy raketalaryny uçurmak göz öňünde tutulýar.

7. Beýik Britaniýanyň şäherleriniň birindäki, ýagny Wusterşir graflygyndaky muzeýe gezelenje gelen çagalar reňkli hekler bilen heýkelleriň birini reňkläpdirler. Muzeýiň işgärleri hiç hili himiki serişdeleri peýdalanmazdan, heýkeliň reňklenen burnuny, maňlaýyny, gözlerini we ýaňaklaryny arassalamagy başarypdyrlar. Milli gaznanyň – Britaniýanyň medeni, taryhy we tebigy mirasyny goramak boýunça guramanyň başlygynyň bellemegine görä, bu hemişe bolup durýan däl-de, adatdan daşary ýagdaýdyr. Muzeýiň myhmanlary eksponatlara hormat bilen çemeleşýärler we wandalizm bilen meşgullanmaýarlar.

8. 29-njy aprelde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäheri 145 ýyllygyny belledi. Baýramçylyk mynasybetli şäheriň ýolbaşçylary köp sanly medeni çäreleri, fleşmoblary we festiwallary, sergileridir sport ýaryşlaryny, halk üçin dynç alyşlary guradylar, agşam bolsa «Ala-Too» merkezi meýdançasynda baýramçylyk salýutlary atyldy.

Sport habarlary

9. Türkmen dzýudoçysy Mämmedaly Açyldyýew «Kuweýtiň Açyk çempionatynda» kümüş medala mynasyp boldy. 90 kg çenli agram derejesindäki final tutluşygynda Açyldyýew gyrgyzystanly Anarbek Işenbaýewden asgyn geldi. Ondan ozal Kuweýtdäki çempionatda 57 kg çenli agram derejesinde Maýsa Pardaýewa bürünç medala mynasyp bolupdy. Kuweýtdäki çempionat 28-29-njy aprel aralygynda geçirildi. Türkmenistanyň toparyna 14 dzýudoçy wekilçilik etdi.

10. «Arkadag» Türkmenistanyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Şagadamdan» uly hasap bilen üstün çykdy. Duşuşyk 4:0 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Didar Durdyýew dubl bilen tapawutlandy, Mihail Titowyň we Yhlas Toýjanowyň hersi bir gol geçirmegi başardylar. Bu ýeňişden soňra «Arkadag» 9 utuk bilen Türkmenistanyň çempionatynyň sanawynda birinji orna çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň