Top.Mail.Ru

«Dostluk kerweni» awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistanda boldular

14:3730.04.2023
0
59648

«Dostluk kerweni» ady bilen geçirilýän halkara awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistana gelip gördüler. Bu barada «МИР 24» teleýaýlymy habar berdi.

27-nji aprelde altynjy halkara «Dostluk kerweni» awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistana Lebap welaýatynyň çäginden girdiler. Farap ýol gözegçilik nokadynda ýörişe gatnaşyjylar Aşgabat tarap ugramazdan ozal, ýurduň resmi adamlary bilen duşuşdylar. Ýörişe gatnaşyjy topar 80 adamdan ybarat bolup, olaryň arasynda ýol hünärmenleri we döredijilik adamlary bar.

682 km aralygy geçip, «Dostluk kerwenine» gatnaşyjylar Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda saklandylar. Ertesi gün irden myhmanhananyň mejlisler zalynda halkara ylmy-amaly konferensiýa geçirildi.

Ýörişe gatnaşyjylar türkmen paýtagtynyň gözel ýerlerine, şeýle hem Parfiýanyň paýtagty Nusaýyň galalaryna baryp gördüler.

«Dostluk kerweniniň» ýolundaky indiki döwlet Eýran bolar.

Halkara awtoulag ýörişi 24-nji aprelde Duşenbeden (Täjigistan) badalga aldy. Bu ýöriş Ýol gurluşykçylaryň hökümetara geňeşi tarapyndan guraldy. Şeýle hem ýöriş GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Ermenistanyň ulag-aragatnaşyk ministrlikleriniň goldawy bilen geçirilýär. Ýoluň umumy uzynlygy 4000 km töweregi bolar. Ýöriş 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Ýerewanda (Ermenistan) tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň