Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň çäginden halkara awtoulag ýörişiniň kerweni geçer

23:5509.04.2023
0
43366

24-nji aprel – 10-njy maý aralygynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň hem-de Ermenistanyň çäklerinden Ýol gurluşykçylaryň hökümetara geňeşiniň altynjy halkara awtoulag ýörişi geçiriler. Bu barada Täjigistanyň ulag ministrligi habar berýär.

«Dostluk kerweni» ady bilen geçiriljek halkara awtoulag ýörişi Duşanbe (Täjigistan) şäherinde badalga alyp, Ýerwean (Ermenistan) şäherinde tamamlanar. Awtoýörişiň umumy uzynlygy 4 müň kilometre barabar. Onuň ýoly Türkmenistanyň Türkmenabat, Mary hem-de Aşgabat şäherleriniň üstünden geçer. Has takygy, altynjy halkara awtoýöriş şu ugurlar boýunça hereket eder: Duşanbe — Aýni — Penjikent — Täjigistanyň Özbegistan bilen serhedi — Samarkand — Nawoiý — Buhara — Özbegistanyň Türkmenistan bilen serhedi — Türkmenabat — Mary — Aşgabat — Türkmenistanyň Eýran bilen serhedi — Maşat — Tus — Nişapur — Gürgen — Sori — Tähran — Töwriz — Eýranyň Ermenistan bilen serhedi — Megri — Kapan — Ýerewan.

Halkara awtoulag ýörişiniň çäginde Duşanbe, Samarkand, Aşgabat, Tähran we Ýerewan şäherlerinde bäş sany halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Şeýle hem ýollaryň we köprüleriň gurluşygy, ýollarda hereket howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda degişli ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly dürli duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, awtoýörişe gatnaşyjylar awtoulag kerweniniň ugrundaky ýurtlaryň ilatynyň däp-dessurlary bilen tanyşarlar.

Halkara awtoulag ýörişiniň dowamynda oňa gatnaşyjylara kuboklar, medallar, diplomlar, şahadatnamalar, şeýle hem Halkara awtoulag geňeşiniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik, senagat guramalarynyň baýraklary gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň