Turkmenportal logo
29.04.23
6342563425
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwanyň Şepkin adyndaky teatr mekdebi türkmen ýaşlaryny okuwa çagyrýar
Moskwanyň Şepkin adyndaky teatr mekdebi türkmen ýaşlaryny okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi medeniýet we sungat ugurlary boýunça 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary hünär okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirmek barada «Türkmenistan» gazetiniň 2023-nji ýylyň 17-nji martyndaky sanynda çykan bildirişiň möhletiniň uzaldylýandygyny, ýagny okuwa girjekleriň resminamalarynyň diňe Russiýanyň döwlet akademiki kiçi teatrynyň ýanyndaky M.S.Şepkin adyndaky Ýokary teatr mekdebi (instituty) üçin aktýorçylyk sungaty hünäri boýunça goşmaça kabul ediljekdigini habar berýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.


Resminamalar Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kabul ediş iş topary tarapyndan şu ýylyň 10-njy maýyna çenli Aşgabat şäherinde kabul edilýär.


Ins­ti­tu­tyň­ sal­gy­sy:­ Aş­ga­bat­ şä­he­ri­niň­­ 1945-nji­ (10­ ýyl­ Aba­dan­çy­lyk)­ kö­çe­si­niň­­ 114-nji­ ja­ýy.­­


Ha­bar­laş­mak­ üçin­ te­le­fon­ bel­gi­si:­ 48-21-45.