Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ýürekdeş» atly çeper filmi taýýarlady. Çeper film şu gün türkmen telewideniýesiniň «Altyn Asyr» teleýaýlymy arkaly tomaşaçylara ýetirildi.
Dowamlylygy bir sagatdan gowrak bolan filmde ynsan bilen ynsan gylykly bedewiň arasyndaky baglanyşyk açylyp görkezilýär. Filmiň ýordumynda ýaşlygyndan bedew ata yhlasly ýigit Arslan Gurdow harby gulluga gidýär we ussat seýis hökmünde tanalýan talapkär kakasynyň arzuwyny amala aşyrýar. Oňa harby gullukda Serpaý atly at berkidilýär we filmiň dowamynda Arslanyň Serpaýy seýisleýşi we uly aýlawda ýeňiji bolşy beýan edilýär.
Filmi döretmek ugrunda režissýor Arslan Berkeliýew, ssenariýaçy Mukam Muhamow, filmiň gurnaýjysy Şamyrat Orazmyradow we redaktory Muhammet Babaýew, şeýle-de filmi surata düşürmek boýunça döredijilik topary zähmet çekipdir.

