Gadaganlyk bilen baglylykda, girdenek-toreadorlaryň birnäçesi Ispaniýanyň Parlamentiniň binasynyň öňünde garşylyk çykyşlaryny guradylar. Ýurduň Parlamenti olaryň öküzler bilen tutluşyklaryna gadaganlyk girizdi diýip, «The Guardian» neşirine sagylanýan «Informburo.kz» ýazýar.
Göwünaçyşlygyň şeýle görnüşi Ispaniýada birnäçe onýyllyklar bäri dowam edip gelýärdi, emma ol soňky ýyllarda meşhurlygyny ýitirdi.
Gysga boýly adamlar ýangyn söndürijilerdir masgarabazlaryň eşiklerini geýnip, öküzleri gižželäp, açyk sahnada çykyş edýärler. Ilkibaşda bu çykyşlar gülüşmek üçin geçirilýärdi, emma indi bu gülküli çykyşlara girizilen gadaganlyk maýyplaryň hukuklaryny goramak boýunça toparlar tarapyndan oňlanyldy.
«Biz Ispaniýanyň geçmişini ýeňip geçdik. Girdenek boýly adamlar şäher meýdançalarynda adamlar tarapyndan ýaňsylanma sezewar edilýärdi, bu masgaralaýjy oýunlardyr» diýip, Ispaniýanyň Maýyplaryň işi boýunça Patyşalyk geňeşiniň baş direktory Hesus Martin beýanat berdi.
Emma girdenekler bu gadaganlyga garşy çykýarlar. «Olar gysga boýly adamlar kemsidilýändir ýa-da üstünden gülünýändir öýdýärler. Emma aslynda welin başgaça, tomaşaçylarň bize bildirýän hormaty diýseň ýakymly täsir edýär» diýip, girdenek-toreador Deniel Kalderon aýdýar.
