Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana «Airbus» kompaniýasynyň ikinji ýük uçary getirildi

12:0527.04.2023
0
48201

Şu gün Türkmenistana Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S» kompaniýasynyň «Airbus 330-200» kysymly «P2F» görnüşli täze ýük uçary getirildi. Täze uçar Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Bu ýük uçar 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Fransiýanyň «Airbus S.A.S» bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň arasynda iki sany ýük uçaryny satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda satyn alyndy. Nobatdaky uçar «Airbus» kompaniýasynyň Türkmenistana iberen ikinji ýük uçarydyr. Ozal habar berşimiz ýaly, şeýle görnüşli ýük uçaryň ilkinjisi mart aýynda Aşgabada getirilipdi. «Airbus A330-200P2F» dürli konfigurasiýaly ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenilendir. Daşalýan ýükleriň agramy 61 tonna ýetip biler. Şeýle uçarlar bilen ýüki 7,700 km uzaklyga eltmek mümkinçiligi bardyr. Şol bir wagtyň özünde, her bir tonna ýüki eltmegiň bahasy ep-esli azalýar.

Mart aýynda Aşgabada getirilen birinji ýük uçarynyň ýakynda Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşamak boýunça ilkinji gatnawy ýerine ýetirendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň