Geçen möwsümiň çempiony «Ahal» 3-nji tapgyrda şowsuz oýun geçiren hem bolsa, toparyň futbolçysy Amir Gurbany şahsy rekordlarynyň hasabyna ýene bir rekordy goşmagy başardy.
Duşuşygyň 31-nji minudynda «Merwiň» derwezesinden pökgi geçiren Amir, habarçymyzyň şahsy hasaplamalaryna görä, 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 50-ä tegeledi. Şeýlelikde, ol soňky 12 möwsümiň dowamynda çempionatda 50 gol geçiren 22-nji futbolçy boldy.
331 futbolçylyk sanawyň başyny 142 gol bilen häzir Täjigistanda futbol oýnaýan Süleýman Muhadow çekýär. Ikinji orundaky Didar Durdyýewiň hasabynda 139, üçünjilikdäki Altymyrat Annadurdyýewde 130 gol bar.
