Kanadanyň Waterloo uniwersitetiniň alymlary täze «akylly» mata oýlap tapdylar, ol ýylylyga we elektrige täsirlenýär diýip, «MIR 24» ýazýar.
Bu iki sany dürli gyjyndyryjyny işjeňleşdirýän ilkinji matadyr. Olaryň täsiri bilen mata diňe reňkini däl, görnüşini hem üýtgedýär. Matany döretmek üçin gaýtadan işlenen plastikden edilen polimer nanokompozit süýümler peýdalanyldy.
«Täze önümi jorap önümçiliginde ulanyp bolar, ol emeli aň ulgamynda, robot tehnikasynda we wirtual oýunlarda-da tas soňsuz mümkinçilige eýedir» diýip, oýlap tapyjylar aýdýarlar.
Alymlaryň sözlerine görä, şeýle matadan ýöriş wagtynda bedeniňi ýyladýan egin-eşik, çaknyşykdan soňra ilkibaşky görnüşine eýe bolýan awtoulag bamperlerini ýasap bolar. Mata energiýa babatda tygşytlydyr, ony işe girizmek üçin az elektrik güýji ýeterlikdir we bioduýduryjylar ýaly ýanyňda göterilýän enjamlar ulgamynda peýdalanyp bolar.
Alymlar geljekde matany robot tehnikasynda ulanmak üçin kämilleşdirmekçi, şeýle-de ýük götermäge ukyply roboty döretmekçi bolýarlar diýlip, habarda bellenýär.
