Peru döwletiniň paýtagtynda «Dünýäde iň ýönekeý muzeý» açyldy diýip, «Habar 24» ýazýar. Ol resmi taýdan şeýle hem atlandyrylýar. Ony 72 ýaşly ylmy barlagçy Enrike Niki döretdi.
Muzeýiň maksady Çilýon derýasynyň jülgesindäki gadymy adamlaryň özboluşly taryhy mirasyny gorap saklamakdan ybaratdyr. Olar häzirki zaman Peruwyň çäginde inklerden hem öň ýaşapdyrlar.
Surat:twitter.com
Muzeýdäki ähli maglumatlardyr eksponatlar köp onýyllyklaryň dowamynda özbaşdak toplanylypdyr. Enrike özüni öwrenje arheolog diýip atlandyrýar, sebäbi onuň gutarylmadyk orta bilimi bar, şeýle-de uniwersitetde okamandyr, emma bu oňa gadymy halklar barada üç kitap ýazmaga hem-de ýurduň paýtagtynda muzeý açmaga päsgel bermändir.